elýaglyk

elýaglyk
[elýa:glyk]
El-ýüz süpürmek üçin dört burç görnüşli mata bölegi.
∙ Elýaglygy bilen derini süpürdi. (N. Pomma, Taýlak hyzzyn)
∙ Elýaglygy bilen agzyny, burnuny süpürişdirip, nas atdy. (N. Pomma, Sebäbini soň bildim)
∙ Ol öz hilesiniň üstüni örtmek üçin, agzyny-burnuny towlap, janygyp gepledi, käte-de elýaglygy bilen gözüni süpürdi. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)
Ýazuw düzgüni: Soňuna çekimli ses bilen başlanýan goşulmalar ýa-da -rak goşulmasy goşulanda, k sesi g sesine öwrülýär.
Meselem elýaglyk - elýaglygy.

Türkmen diliniň düşündirişli sözlügi. 2015.

Игры ⚽ Поможем решить контрольную работу

Поделиться ссылкой на выделенное

Прямая ссылка:
Нажмите правой клавишей мыши и выберите «Копировать ссылку»